Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon ýesirleri üçin $200 million soralýar


Wideoda $200 million möçberinde girew tölenmese, ýesirleriň öldüriljekdigi aýdylýar.
Wideoda $200 million möçberinde girew tölenmese, ýesirleriň öldüriljekdigi aýdylýar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe “Yslam döwleti” diýilýän topar tarapyndan iki ýapon raýatyny öldürmek haýbatyny “bagyşlap bolmajakdygyny” aýtdy. Abe ýapon ýesirleriniň dessine azat edilmegini talap etdi.

20-nji ýanwarda Ierusalimde geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Şinzo Abe Ýaponiýanyň, Kenji Goto Jogonyň we Haruna Ýukawanyň howpsuz ýagdaýda azat edilmegi üçin, ähli tagallany etjekdigini aýtdy. Ýapon resmisi “olaryň janlary iň möhüm zat” diýdi.

20-nji ýanwarda internetde “Yslam döwleti” atly toparyň iki ýapon raýatyny ýesir alandygyny görkezýän wideosy peýda boldy. Ýazgyda 72 sagadyň içinde $200 million möçberinde girew tölenmese, olaryň öldüriljekdigi aýdylýar.

Gürrüňi gidýän wideo “Yslam döwleti” toparyna degişli websaýtlaryň birinde çap boldy we ol mundan ozalky şular ýaly wideoýazgylara çalym edýär.

Ýazgyda ýüzi gara örtgüli, eli pyçakly bir adam – onuň sözleri bilen aýdylanda, – “Yslam döwleti” toparyna garşy Ýaponiýanyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan harby kampaniýa berýän ýardamyny tankytlaýar.

Wideodaky adam britan aksentine ýakyn şiwede gürleýär we mundan ozalky ýaýradylan wideolarda kelle kesmeleri berjaý eden adama çalym edýär.

"Kompensasiýa"

Söweşijiniň sözlerine görä, agzalýan girew pul Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar edýän mahaly “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşýän döwletlere harby bolmadyk ýardam etmek wadasynyň öwezine garşylykly kompensasiýa hökmünde talap edilýär.

Abe, söweşijileriň haýbatlaryna garamazdan, söz beren birnäçe million dollarlyk hemaýatynyň yzynda durjakdygyny aýtdy.

17-nji ýanwarda Kaire eden saparynda Abe Ýakyn Gündogara gumanitar kömek hökmünde $2,5 milliard pul wada beripdi.

Tokioda ýurduň Daşary işler ministrligi wideonyň näderejede hakykata laýyk gelýändigini anyklaýandyklaryny mälim etdi.

Ýaponiýanyň Ministrler kabineti söweşijileriň haýbatlaryna nähili jogap bermelidigi dogrusynda maslahat edilýändigini habar berdi.

Ýesir alnanlaryň biri - Kenji Goto Jogo, ol käri boýunça žurnalist. Ýesirleriň beýlekisi, Haruna Ýukawa, öň awgust aýynda ýaýradylan wideoda hem peýda bolupdy. Şol ýazgydan çen tutsaň, ony ýesir alanlar oňa gödeklik bilen çemeleşýärdiler.

Düýbi Tokioda ýerleşýän bir şahsy harby şirket öz ştatynda Ýukawany dolandyryjy ýolbaşçy diýip görkezipdir.

“Yslam döwleti” diýilýän topar ýesirleri propaganda guraly hökmünde ulanýar. Olar ýüzlerçe ýesiri, şol sanda siriýaly we yrakly esgerleri, günbatar žurnalistlerini we gumanitar işgärlerini ýa atyp öldürdiler, ýa-da olaryň kellelerini kesdiler.

“Yslam döwleti” atly ýaragly topar geçen tomusdan bäri Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde we Yragyň çäklerinde uly giňişlikleri öz kontrollygynda saklaýar.

XS
SM
MD
LG