Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Krizis kölegesi sowuldy


Obama YD-a garşy täze ygtyýarnama soraýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:13 0:00

Obama YD-a garşy täze ygtyýarnama soraýar

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ençeme ýyllyk uruşdan we ykdysady gaýtgynlykdan soň, «krizis kölegesiniň sowulandygyny we ýurtda işleriň ýagdaýynyň gowudygyny» aýtdy.

Obama 20-nji ýanwarda halka ýüzlenip eden ýyllyk çykyşynda Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň uly tagallalar bilen dikeldilendigini nygtap, indi täze sahypany açmagyň, ýagny ykdysady çökgünlikden we uruşdan has aňry gitmegiň wagty geldi diýdi.

Bu Obamanyň halka, noýabrdaky saýlawlaryň netijesinde Senat we Wekiller öýi respublikanlaryň kontrollugyna geçenden soň, ilkinji gezek ýüzlenişi boldy.

Halkara arenasy barada aýdylanda, Obama «Amerikan ýolbaşçylygynyň has paýhasly görnüşine», ýagny harby kuwwat bilen güýçli diplomatiýanyň goşulmagyna çagyrdy.

Obama Waşingtonyň, Orsýetiň agressiýasyna garşy durmak we Ukrainanyň demokratiýasyny goldamak bilen, ulurak döwletler kiçiräklere süýkenmeli däl diýen ýörelgä berk eýerýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň Kongresini «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy güýç ulanmaga täze ygtyýarnama bermäge çagyrdy.

Şeýle-de Obama özüniň ýyllyk halka ýüzlenmesinde Kongresi, gepleşikleriň üstünlik getirmegine mümkinçilik bermezden, Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmäge howlukmazlyga çagyrdy.

Obama Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmeginiň Tähran bilen alnyp barylýan ýadro gepleşiklerine zarba urmak ähtimallygyny duýdurdy we bu çärelere özüniň weto goýjagyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG