Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýada protest bildirilýär


Ispaniýada on müňlerçe adam Madridde, çepçi Podemos partiýasynyň guramagynda, tygşytlylyk çärelerine garşy proteste çykdy.

Protestçiler grek baýdaklaryny galgatdylar we «hawa, biz başarýas», «tik-tok, tik-tok» diýip, häzirki merkez sagçy hökümetiniň wagtynyň gutarýandygyna yşarat edip gygyryşdylar.

Ispan hökümeti döwlet býujetini gysyp, sosial programmalary azaldypdy. Podemos, ýagny Biz başarýas partiýasy bir ýyl ozal döredildi, emma maý aýyndaky saýlawlarda Ýewropa parlamentinden bäş orun gazanmagy başardy.

XS
SM
MD
LG