Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaragly amerikan üç musulmany öldürdi


Birleşen Ştatlarda fesýsbukda dine garşy pikirlerini çap eden ýaragly adam üç sany ýaş musulmany atyp öldürmekde günälendi.

Polisiýa bu wakanyň maşyn goýulýan ýer üstündäki dawa, belki-de, ýigrenç jenaýaty esasynda bolandygyny aýtdy.

46 ýaşyndaky Kreýg Stefen Hiks Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýynda üç adamy atyp öldürmekde aýyplandy.

Pidalar ýaş çatynjalar Deah Şaddi Barakat, onuň gelni Ýusor Mohammad we Ýusoryň uýasy Razan Mohammad Abu-Salha dagydyr.

Olaryň üçüsi hem ynsanperwerçilik programmasy bilen baglanyşykly eken. Bu jenaýat derňelýär.

XS
SM
MD
LG