Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Alty ofiser öldürildi


Owganystanda söweşijileriň ýurduň gündogaryndaky welaýat polisiýasynyň baş edarasyna hüjüm etmegi netijesinde azyndan 10 polisiýa ofiseri öldürildi.

Logar welaýatynyň metbugat sözçüsi Din Mohammad Darwişiň aýtmagyna görä, 17-nji fewralda bolan bu hüjüme janyndan geçen dört bombaçy gatnaşypdyr.

Şeýle-de, Darwiş wakada başga-da sekiz polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny belledi.

Bu hüjümden birnäçe sagat öň, “Talyban” söweşijileri Gandahar welaýatyndaky barlag gözegçilik nokadyna hüjüm edip, azyndan alty polisiýa ofiserini öldürdiler.

Gandahar welaýat häkimliginiň metbugat sözçüsi Samim Hpalwakyň aýtmagyna görä, bu hüjüm 16-njy fewralda Maýwand etrabynda bolupdyr.

XS
SM
MD
LG