Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwistleriniň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmedi


Özbegistanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän iki özbek aktiwistiniň Günorta Koreýanyň paýtagty Seula sapar etmegine rugsat berilmedi. Seulda gürrüňi gidýän iki aktiwiste halkara baýragynyň gowşurylmagy planlaşdyrylýar.

Daşkentde ýaşaýan Şuhrat Rustamowyň 16-njy fewralda beren maglumatyna görä, özbek resmileri Rustamowa we “Özbek adam hukuklaryny goraýanlaryň bileleşigi” atly guramanyň başlygy Ýelena Urlaýewa ýurtdan “çykyş wizasyny” bermegi ret edipdirler.

Rustamow, özüniň we Urlaýewiň 11-nji martda Seulde geçiriljek dabaranyň dowamynda “Tji Haksun” adyndaky adalat we parahatçylyk baýragyny almak üçin Günorta Koreýa çagyrylandygyny aýtdy.

Şu ýyl “Özbek adam hukuklaryny goraýanlaryň bileleşigi” atly gurama abraýly baýraklaryň birine mynasyp boldy. Bu baýrak bilen bilelikde 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul sylagy hem gowşuryldy.

XS
SM
MD
LG