Aşgabatda Baba-Annanow köçesiniň Oguzhan çatrygyndan Parahat 7-ä çenli barýan ýoluň ýapylandygy habar berilýär. Ýoluň ýapylmagy netijesinde bu ýoldan geçýän birnäçe awtobus gatnawynyň hem ýatyrylandygy aýdylýar. Bu ýagdaýyň bolsa, Parahat-7-niň ýaşaýjylaryna, işe barýanlara, mekdep okuwçylaryna, bu sebitdäki gurluşykda işlemäge barýan işçilere uly täsir ýetirendigi bellenilýär.
Parahat 7-ä barýan ýol ýapyldy

1
Köçäniň ýapylmagy netijesinde bu territoriýadan geçýän awtobuslaryň gatnawynyň ýatyrylandygy, adaty awtoulaglaryň, tiz kömek maşynlarynyň bu sebite barmakda kynçylyk çekendigi aýdylýar.

2
Ir bilen işe barýan ýaşaýjylaryň, mekdep okuwçylaryň 1,5 kilometr çemesi ýoly pyýada geçmeli bolandygy aýdylýar. Käbir ene-atalaryň öz çagalaryny taksa mündirip, mekdebe ugradandygy bellenilýar.

3
Şol bir wagtyň özünde köçäniň näme sebäpden ýapylandygy barada henize çenli resmiler tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmändigi aýdylýar.

4