Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik aýal mugallymlaryna haýbat atyldy diýilýär


Täjigistanyň ýerli resmileri zenan mugallymlaryň öz wezipelerinden çekilmegini talap edýän, muny berjaý etmedik mugallymyň ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi beýan edilýän hatyň nämälim kişi tarapyndan ýurduň gündogaryndaky Raşt etrabynyň mekdebine goýlup gidilendigini aýdýarlar. Gürrüňi gidýän etrapda mundan ozal Täjigistandaky öňki yslamçy oppozisiýa agdyklyk edýärdi.

Geçen hepdäniň soňunda Kamarob obasyndaky mekdebe haýbat atýan mazmunly haty goýup giden wagşylar Täjigistanyň iki sany kartasyny we mekdebiň habar býulletenlerini hem otlapdyrlar diýip, gürrüňi gidýän obanyň başlygy Rahmatjon Salimow 20-nji aprelde beren maglumatynda belledi.

“Hatda bu çäre, zenan mugallymlaryň bir aýyň dowamynda wezipesinden çekilmegi üçin edilýän soňky duýduryşdyr we muny berjaý etmedikleriň agyr netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy aýdylýar” diýip, Salimow nygtaýar. Şeýle-de, ol hatda ölüm haýbatlarynyň hem atylýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Täjigistanyň polisiýasy bu barada maglumat bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG