Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 17-nji hepde
1
Aşgabadyň Çoganly daçalyklarynyň ýaşaýjysy - ene we gyz. Çoganly daçalyklarynda ýaşaýyş jaýlary ýykmak ýa-da söküp aýyrmak işleri dowam edýär. Bu sebitiň ýaşaýjylarynyň käbirleri ýykylan ýa-da ýykyljak jaýlaryň deregine döwlet tarapyndan hiç hili kompensasiýanyň berilmeýändigini aýdýarlar.
2
Aşgabadyň kommunal hojalygynyň işgärleri Magtymguly hem-de Andalyp köçesiniň çatrygynda ýol hereketiniň pyýadalar üçin geçelgesini abatlaýarlar. Bu çäräniň 2 sagat çemesi wagtyň dowamynda amala aşyrylýandygy aýdylýar.
3
Aşgabadyň Şor daçalygyndaky zir-zibiller. 18-nji aprelde Aşgabadyň etegindäki Şor daçalarynda ençeme ýüz adamynyň häkimiýetler tarapyndan jaýlarynyň ýumruljakdygy baradaky planlara garşy protest çäresini geçirendigi barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar gelip gowuşdy. Bu sebitde jemi 3 müň çemesi hojalygyň ýaşaýandygy aýdylýar.
4
Şor daçalygynda satuwa goýlan daça. Bu sebitiň ýaşaýjylaryna 25-nji maýa çenli öz daçalaryny ýumurmaklygyň ýa-da söküp aýyrmaklygyň tabşyrylandygyny, bu territoriýanyň käbir ýaşaýjylary belleýärler.