Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 19-njy hepde
9
Balkanabat şäheriniň Merkezi seýilgähi. Türkmenistanda seýilgähleriň, parklaryň arassaçylygyna we tertip-düzgününe uly üns berilýändigi aýdylsa-da, munuň Balkanabadyň seýilgähinde beýle däldigini görse bolýar.
10
Aşgabadyň "Lälezar" bazary. Bazarda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, onuň daşy demir haýatlar bilen aýlanypdyr.
11
Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde ýa-da arkasynda gurlan goşmaça otaglary ýykmak çäresiniň dowam edýändigi habar berilýär. Ýerli ilatyň käbirleri, il içinde "pristoýkalar" diýlip atlandyrylýan bu goşmaça otaglary gurmak üçin özlerinde degişli rugsatnamanyň bardygyna garamazdan, resmiler tarapyndan ýykyşlygyň dowam edýändigini aýdýarlar.
12
Balkanabadyň Merkezi seýilgähindäki oturgyçlaryň biri.