Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kaşmir: Awtobus çuň derä gaçdy


Gimalaý regionynda ýerleşýän Kaşmir sebitiniň Hindistan tarapyndan kontrollyk edilýän sebitiniň polisiýasy adamlardan doly bir awtobusyň obanyň daşly ýolunda agdarylmagy we onuň çuň dereden aşak gaçmagy netijesinde azyndan 23 adamyň heläk bolandygyny habar berýär.

Polisiýa inspektory general Daniş Rananyň aýtmagyna görä, awtobusyň sürüjisi ýoluň öwrümlerinde duýdansyz awtobusyň kontrolyny ýitiripdir. Rana bu wakada başga-da azyndan 25 ýolagçynyň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ol polisiýanyň wakanyň bolan ýerine barandygyny we ewakuasiýa çärelerine başlandygyny belledi.

Gürrüňi edilýän awtobus Maroti obasynyň golaýynda ýol heläkçiligine uçramazdan öň, Uthampur şäherçesine tarap sapar edýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG