Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabat: göçürilen lukmanlaryň görgüleri

Poliklinikanyň ýapylmagy bilen bu saglyk öýüniň lukmanlar kollektiwi başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse şäheriň dürli künjeklerine dargadyldy.
Poliklinikanyň ýapylmagy bilen bu saglyk öýüniň lukmanlar kollektiwi başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse şäheriň dürli künjeklerine dargadyldy.

Balkanabadyň 1-nji saglyk öýüniň (poliklinikasynyň) abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýapylanyna eýýäm 2 ýyl töweregi wagt boldy.

Mundan 36 ýyl ozal, ýagny 1979-njy ýylda gurlan bu köpugurly poliklinika diňe bir Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylary däl-de, eýse welaýatyň beýleki etraplarynyň ilatyna hem hyzmat edýärdi.

Poliklinikanyň ýapylmagy bilen bu saglyk öýüniň lukmanlar kollektiwi başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse şäheriň dürli künjeklerine dargadyldy.

Iki ýyllap gurulýan keselhana

Balkanabat şäherindäki bu keselhananyň gurluşygy eýýäm iki ýyl bäri dowam edip gelýär.
1/8 Balkanabat şäherindäki bu keselhananyň gurluşygy eýýäm iki ýyl bäri dowam edip gelýär.
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
2/8
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Ýurduň beýleki desgalary bilen deňeşdirilende bu saglyk merkeziniň gurluşyk işleriniň näme sebäpden uzaga çekdirilýändigi barada maglumat berilmeýär.
3/8 Ýurduň beýleki desgalary bilen deňeşdirilende bu saglyk merkeziniň gurluşyk işleriniň näme sebäpden uzaga çekdirilýändigi barada maglumat berilmeýär.
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Gurluşyk işleriniň alnyp barylmaýan, togtadylýan halatlary hem bolýar.
4/8 Gurluşyk işleriniň alnyp barylmaýan, togtadylýan halatlary hem bolýar.
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Keselhananyň daşyna aýlanan haýat
5/8 Keselhananyň daşyna aýlanan haýat
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Gurluşyk zir-zibilleri.
6/8 Gurluşyk zir-zibilleri.
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Keselhananyň daşyndaky haýat.
7/8 Keselhananyň daşyndaky haýat.
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Gurluşyk işlerini alyp barýan kärhananyň emblemasy.
8/8 Gurluşyk işlerini alyp barýan kärhananyň emblemasy.
Balkanabatdaky bu keselhananyň gurluşygy iki ýyl bäri alnyp barylýar.
Previous slide
Next slide

Poliklinikanyň lukmanlarynyň bir bölegi 133-nji kwartaldaky Diş bejeriş merkezine, ýene bir bölegi 137-nji kwartaldaky Çagalar saglyk öýüne göçürilse, saglyk işgärleriniň başga bir bölegi şäheriň 209-njy kwartalyndaky 39-njy ýaşaýyş jaýyna göçürilip, hassalary şol ýerde kabul etmeli edildi.

Poliklinikanyň, özüniň atlandyrylmasyzlygyny soran bir lukmanynyň gürrüňinden çen tutsaň, onda agzalýan döwürde, onuň öz sözi bilen aýdylanda, umumy “başagaýlyk” bolupdyr.

“Haýsy işgäriň, ýagny ginekologyň, diş, burun, gulak lukmanlarynyň... nirä iberiljekdigi düşnüksizdi. Bu ýagdaý biz – lukmanlarda başagaýlyk döreden bolsa, adaty adamlara has hem ýaramaz täsir ýetirdi” diýip, poliklinikanyň lukmany şol göçe-göçlügi ýatlaýar.

Göçürilen lukmanlar

Poliklinikanyň lukmanlarynyň bir bölegi Anyklaýyş merkezine göçürildi. Adamlar aýak üstünde nobatyna garaşýarlar.
1/6 Poliklinikanyň lukmanlarynyň bir bölegi Anyklaýyş merkezine göçürildi. Adamlar aýak üstünde nobatyna garaşýarlar.
Balkanabadyň poliklinikasynyň lukmanlary başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse dürli künjeklere dargadyldy.
Anyklaýyş merkeziniň daşky görnüşi.
2/6 Anyklaýyş merkeziniň daşky görnüşi.
Balkanabadyň poliklinikasynyň lukmanlary başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse dürli künjeklere dargadyldy.
Anyklaýyş merkeziniň diwarlary
3/6 Anyklaýyş merkeziniň diwarlary
Balkanabadyň poliklinikasynyň lukmanlary başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse dürli künjeklere dargadyldy.
Lukmanlaryň bir bölegi 209-njy kwartalyndaky 39-njy ýaşaýyş jaýyna göçürilip, hassalary şol ýerde kabul etmeli edildi.
4/6 Lukmanlaryň bir bölegi 209-njy kwartalyndaky 39-njy ýaşaýyş jaýyna göçürilip, hassalary şol ýerde kabul etmeli edildi.
Balkanabadyň poliklinikasynyň lukmanlary başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse dürli künjeklere dargadyldy.
Diş bejeriş merkezinde poliklinikanyň lukmanlary üçin aýratyn bir gat bölünip berildi. Bu ýerde rentgen we diş, gulak, bokurdak bölümleriniň arasyna diňe tuty tutulypdyr.
5/6 Diş bejeriş merkezinde poliklinikanyň lukmanlary üçin aýratyn bir gat bölünip berildi. Bu ýerde rentgen we diş, gulak, bokurdak bölümleriniň arasyna diňe tuty tutulypdyr.
Balkanabadyň poliklinikasynyň lukmanlary başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse dürli künjeklere dargadyldy.
1-nji poliklinikanyň Saglygy anyklaýyş merkezindäki şahamçasy
6/6 1-nji poliklinikanyň Saglygy anyklaýyş merkezindäki şahamçasy
Balkanabadyň poliklinikasynyň lukmanlary başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse dürli künjeklere dargadyldy.
Previous slide
Next slide

225-nji kwartalyň Sähet atly ýaşaýjysy özüne gerekli lukmany tapmak üçin “tutuş şäheri sökmeli” bolandygyny aýdýar: “Gulagymdaky agyra seretdirjekdim. Ilki bilen saglygy anyklaýyş bölümine bardym. Ol ýerden 209-njy kwartaldaky jaýa ýolladylar, ol ýerden hem gerekli lukmanyň Çagalar saglyk öýüne geçirilendigini aýtdylar. Ol ýere barsam-da, Stomatologiýa merkezine iberdiler”.

Şol bir wagtda, göçürilen lukmanlaryň käbiri “täze” ýerlerinde degişli şertleriň ýokdugyndan zeýrenýärler. Şäheriň Anyklaýyş merkezine göçürilen Oraz atly lukman ini 3 metr, uzynlygy 5 metrlik otaglarda dört lukman bolup oturýandyklaryny aýdýar: “Üstesine-de, stol, stul... Her lukmanyň ýanyna-da bir hassa gelýär. Bulardan bir şert bolamy? Hassalaryň hem ýüzbe-ýüz aýdylmaly şahsy meselelerini, otagdaky beýleki adamlardan çekinip, aýtmaýan halatlary bolýar”.

Gürrüňi gidýän keselhananyň binasynyň heňländigini, diwarlarynyň çygjaryp durandygyny hem görse bolýar. Saglygy anyklaýyş merkezinde diňe iki sany hajathana bar, olaram diňe lukmanlar üçin niýetlenen.

Diş bejeriş merkezinde poliklinikanyň lukmanlary üçin aýratyn bir gat bölünip berildi. Emma, muňa garamazdan, hem ýeriň darlyk edýändigini görse bolýar. Mysal üçin, rentgen we diş, gulak, bokurdak bölümleriniň arasyna diňe tuty tutulypdyr.

Balkanabadyň 1-nji saglyk öýüniň abatalaýyş işleriniň haçan gutarjakdygy barada hiç hili resmi maglumat berilmeýär. Türkmen gurluşyk kärhanasy tarapyndan alnyp barylmaly işleriň ençeme aýlap durýan wagty hem bolýar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, lukmanlar poliklinikanyň abatlaýyş işleri üçin hökümet tarapyndan serişde goýberilse-de, aprel aýynda özleriniň aýlyk haklaryndan 450 manat tutulyp alnandygyny aýdýarlar.

Balkanabat Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynyň merkezi şäheri we onuň ilatynyň 120 müň töweregi adama deňdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG