Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 28-nji hepde
1
Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýyndan geçip barýan mümkinçilikleri çäklendirilen ýaşaýjy. Türkmenistanyň pension fondunyň maglumatyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurtda 121,810 sany mümkinçiligi çäkli adamlar bolup, olardan: 2,513-i I topar; 24,834-i II topar we 13,450-i III topar maýyplygy bolanlar.
2
Aşgabatda kabel liniýalaryny çekýän işçiler.
3
Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynda pristoýkalary aýrylan köpgatly ýaşaýyş jaýy. Soňky aýlarda türkmen resmileri Aşgabat şäheriniň abadanlaşdyrmagyň bir bölegi diýip, köpgatly ýaşaýyş jaýlara goşmaça gurlan otaglary, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly "pristroýkalary" ýykýarlar.
4
Aşgabadyň köçeleriniň birinde bolan ýol heläkçiligi zerarly üýşen polisiýa işgärleri we ýaşaýjylar.