Soňky döwürde Türkmenabadyň “Gök bazarynda” “derman bar, derman bar!” diýşip aýlanyp ýören elleri haltaly derman satyjylar peýda bolup başlady. Olar dermanlaryň gara bazardaky satyjylary bolup, şol söwda şäherde hususy dermanhanalaryn ýapylmagyndan soňra has gyzyşdy.
Bu “dermançylar” diňe hususy dermanhanalar-da däl, hatda hökümet dermanhanalarynda hem tapylmaýan dermanlary-da satýarlar. Döwlet dermanhanalarynda bolsa tapylmaýan dermanlar diýseň köp.
Gara bazardaky söwdagärleriň, bazardaky islendik adaty söwdagärlerden diňe bir tapawudy bar, olam olaryň öz söwdalaryny gizlinräk alyp barýanlygy. Olar derman satyjylara mahsus eşikler hem geýenoklar, olar özleriniň derman satýandygyny görkezýän hiç hili bellik hem götermeýärler.
Emma, muňa garamazdan, satyjylar alyjylary, alyjylaram satyjylary uzakdan tanaýarlar. Şeýlelikde gara bazardaky derman söwdasy edil häzirki gün Türkmenabadyň “Gök bazarynda” hiç hili päsgelçiliksiz diýseň gyzgalaňly dowam edýär.
Satylýan dermanlaryň näderejede derde derman bolýandygy belli däl, ol dermanlaryň howpsuzlygyna kepil geçýänem, ulanylyş tertibi barada takyk maglumat berýänem ýok. Satylýan dermanlaryň saklanyş şertlerine degişli soraglar hem sanardan kän.
Şol bazardaky dermanlar, umuman aýdylanda, daşary ýurtlardan getirilip satylýan dermanlar bolmaly. Gara bazaryň derman satyjylary, olaryň aglabasynyň Orsýetde we Özbegistanda öndürilen dermanlardygyny aýdýarlar.
Bu dermanlaryň tapawudy olaryň bahasynyň döwlet dermanhanalaryndaky dermanlardan ep-esli arzanlygy. Onsoň “dermançylaryň” müşderisi azlyk edenok.
Dermanlaryň arzan bolmagynyň sebäpleri barada takyk bir zat aýtmak kyn. Emma ýagdaý bilen ýakyndan tanyş we adynyň agzalmazlygyny soran bir çeşmäniň aýtmagyna görä, “Mundan 3-4 aý ozal hususy dermanhanalaryň ýapylmagy bilen käbir dermanlar gytalansoň, işi gadagan edilen dermanhanalaryň harytlary dermançy daýzalara arzanrak bahadan satylyp başlanypdyr”.
Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenabadyň dermanhanalarynda käbir dermanlaryň gytçylygynyň dörändigi hem aýdylýar. Meselem, döwlete degişli käbir dermanhanalarda zerur bolan ýurek, gan-damar kesellerine degişli dermanlary tapyp bolmaýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan we şeýle dermanlary döwlet dermanhanalaryndan tapyp bilmedik bir türkmenabatlynyň aýtmagyna görä, “döwlet dermanhanalarynda käbir dermanlaryň tapylmazlygy ep-esli wagtdan bäri dowam edýän bir ýagdaý, sebäbi bolsa düşündirilmeýär”.
Özüni Maýa diýip tanadan we 40 ýaşlaryndaky beýleki bir türkmenabatly bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Men eýýäm näçe gezek dermanhana bardym, maňa gerekli aýal ugry boýunça keseller üçin dermanlaryň ýokdugyny aýtdylar. Haçan getirip beriljegem takyk aýdylmaýar. Şonuň üçin gara bazara geldim, bärde ol derman bar, emma dermanlar dermanhanada satylsa, gowy bolardy”.
Şol bir wagtda-da, gara bazardaky dermanlara talabyň artýan häzirki döwründe şäheriň içindäki dermanhanalaryň içi mydama boş ýatyr diýen ýaly. Ýogsa, dermanlar tapylsa, ol ýerde alyjy ýetmezçilik edenok. Ýeri gelende aýtsak, hassahanalaryň derman üpjünçiligi hem dolulygyna diýen ýaly hassalaryň boýnunda.
Lukman tarapyndan ýazylyp berilýän “spisokda”, ýagny sanawda hassalaryň hossarlarynyň özleri dermanhana gelip, gerekli dermanlary satyn alýarlar. Derman söwdasy döwlet üçin girdejili ugur bolmak bilen onuň üpjünçilik işlerindäki näsazlyklar alyjylar üçin düşnüksiz.
Ýene bir jogapsyz galýan soraglaryň biri hem dermanyň gara bazarynyň işi bilen bagly.