Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Azowyň' ýolbaşçysy öli tapyldy


Azow batalionynyň ýene ýolbaşçysynyň jaýlanyş çäresi, Kiýew, 8-nji iýul, 2015

Ukrainanyň Azow batalionynyň ýokary wezipeli ýolbaşçysy Kiýewiň golaýyndaky Buha obasyndaky öz jaýynda öli tapyldy.

Harbylaşdyrylan Azow toparynyň metbugat-gullugynyň 27-nji iýulda Twitter arkaly ýaýradan maglumatyna görä, Azowyň graždan agzalarynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýarowslaw Babyç 26-njy iýulda irden dardan asylgy tapylypdyr.

Bu waka boýunça derňew gozgaldy.

Azow bataliony 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogar Donetsk we Luhansk regionlarynda orsýetçi separatistlere garşy söweşmek üçin esaslandyrylypdy.

Häzirki wagtda Azow Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň milli gwardiýasynyň düzümine girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG