Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Krym tatarlary Ukraina dolanmagyň tarapdary


Krym tatarlarynyň bütindünýä kongressi, Ankara, 2-nji awgust, 2015.

Krym tatarlarynyň kongressi anneksiýa garşy çykyş etdi.

Krym tatarlarynyň bütindünýä kongressi Krymyň Ukraina dolanmagy üçin “ähli zerur çäreleriň” görülmegine çagyryş edýär. Orsýet geçen ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşdy.

Krym tatarlarynyň bütindünýä kongressiniň Ankarada geçirlen ikinji ýyllyk maslahatyna gatnaşanlar 2-nji awgustda ýaýradan jemleýji beýannamasynda anneksiýanyň “derhal soňuna çykylmalydygyny” we Ukrainanyň konstitusiýasynyň Krym tatarlaryna awtonomiýany güwä geçmelidigini aýtdylar.

Krym tatarlarynyň dürli ýurtlardan baran 200 çemesi topary Orsýetiň howpsuzlyk güýçleriniň basyşy astynda öz duşuşygyny Krymyň daşynda geçirmeli bolandyklaryny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG