Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow Türkiýä sapar edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti iki günlük iş sapary bilen Türkiýä bardy.

6-njy awgustda Stambula baran Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparynyň gün tertibiniň wakalara baý boljakdygyny türkmen mediasy habar berdi.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň prezidenti Türkiýäniň Söwda öýleriniň we biržalarynyň bileleşiginiň ýolbaşçysy Mustafa Rifat Hisarjyklyçoglyny kabul etdi we yzýany türk biznesmenleri bilen duşuşdy.

G.Berdimuhamedow türk biznesmenlerini Türkmenistanyň energiýa, transport, kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy pudaklara degişli proýektlere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen prezidenti ýurtda özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň, hususan-da 2014-nji ýylda 15 milliard 700 million amerikan dollaryna barabar bolandygy habar berdi.

Türkiýä saparynyň öňüsyrasynda Berdimahamedow iki günlük resmi sapary bilen Gyrgyzystanda boldy.

XS
SM
MD
LG