Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa, Kosowo möhüm ylalaşyk baglaşdylar


Serbiýa we Kosowo ylalaşyk baglaşýarlar, Brussel
Serbiýa we Kosowo ylalaşyk baglaşýarlar, Brussel

Serbiýa we Kosowo 25-nji awgustda köp ýyllyk duşmançylygy yzda goýup, özara gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda möhüm ädim ätdiler. Iki goňşy ýurt Ýewropa Bileleşigine kabul edilmekleri üçin öz öňlerinde şert edilip goýlan parahatçylykly döwletara ylalaşygyna gol çekdiler.

ÝB-niň araçylygynda Brýusselde geçirilen gepleşiklerden soň Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç we Kosowonyň premýer-ministri Isa Mustafa dört sany wajyp ugurdan, şol sanda energiýa, telekommunikasiýa we sud häkimiýetleriniň özara işleri boýunça resmi ylalaşyk gazandylar.

ÝB araçylyk etdi

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini bu ylalaşyk barada şeýle diýdi: “Şu günki netije kadalaşdyrmak prosesinde belli waka boldy. Şu günki ýaly kararlar adamlara takyk bähbitleri getirýär, şol bir wagtda-da iki ýurduň Ýewropa Bileleşigine tarap ýoldan öňe ýöremek ukybyny artdyrýar”.

Bu ylalaşyga Wenada Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň, şol sanda Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň we Balkan döwletleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen sammitiň iki gün öňüsyrasynda gelindi.

Serblere köp hukuk berilýär

Ylalaşyga laýyklykda demirgazyk Kosowoda serbler has köp hukukdan peýdalanarlar we ýerli ykdysadyýet we bilim ýaly meseleleri çözmekde Belgraddan maliýe goldawyny almaga hukukly bolarlar.

Kosowonyň ýurduň içinde öz telefon kody bolar. Muňa 2008-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Kosowonyň özbaşdaklyk meselesinde Serbiýa tarapyndan edilen uly eglişik hökmünde garalýar.

Belgrad ilkibaşda, ABŞ we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň inisiatiwasyna goşulyp, Kosowonyň döwlet garaşsyzlygyny ykrar etmekden boýun gaçyrypdy.

ÝB ylalaşyk demirgazyk Kosowoda hem etnik azlykda ýaşaýan serbler hem-de kowolylaryň aglaba köpçüligini emele getirýän albanlar üçin amatly sud strukturasyny döredýär diýip nygtaýar. Ylalaşyk dawaly Mitrowisa köprüsinden peýdalanmak meselesini hem agzaýar.

Geçilen ýol

ÝB-niň araçylygynda 2013-nji ýylda gelnen ylalaşygy berjaý edýän dokument Serbiýanyň we Kosowonyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmeklige we kadalaşdyrmaklyga gönükdirilýär. Serbiýanyň ÝB-e girmek boýunça gepleşikler bilen bagly umytlarynyň geljegi onuň 2013-nji ýylda gelnen ylalaşygy berjaý edişine bagly.

Iki goňşy 1998-nji we 1999-nji ýyllarda bolan özara uruşdan bäri uzak ýoly geçdiler. Uruş NATO-nyň 11 hepdeläp alyp baran bombalaýyş hüjüminden soň serb goşunlary Kosowodan çykmaga mejbur bolansoň tamamlanypdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti hökümetleriň ikisini-de “özara gatnaşyklary kadalaşdyrmakda we öz ýurtlaryny ÝB-e ýakynlaşdyrmakda gazanan öňegidişlikleri” bilen gutlady.

XS
SM
MD
LG