Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň golaýynda bolan aýry-aýrylykdaky iki hüjümde on adamyň ölendigi habar berilýär.
4-nji sentýabrda Duşenbäniň Halkara aeroportunyň golaýynda bolan bir hüjümde Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň (OMON) iki agzasy we bir polisiýa ofiseri heläk boldy. Şeýle-de, ýene bir polisiýa ofiseriniň keselhana ýerleşdirilendigi bellenilýär.
Täjigistanyň polisiýasy Duşenbäniň Karategin sebitini gabawa alyp, öýme-öý aýlanyp üç hüjümçini gözleýär.
Şeýle-de, mundan birnäçe sagat ozal, ýaragly topar Duşenbäniň 20 kilometr gündogarynda ýerleşýän Wahdat etrapçasyndaky polisiýa merkezine hüjüm etdi.
Täjik Içeri işler ministrligi hüjümçilere Ziýowiddin Abdullaýew atly şahsyň ýolbaşçylyk edýändigini aýdýar.
Ministrligiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, çaknyşyklarda bäş polisiýa ofiseri, Abdullaýew we onuň bir adamy öldürilipdir.
Täjik polisiýasy bu iki hüjümiň arasynda arabaglanyşygyň ýokdugyny aýdýar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!