Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ bilen gepleşmeli diýýär


Orsýet, Siriýa hökümetine harby ýardam bermek çärelerine başlamak bilen, Birleşen Ştatlary «niýetlenilmedik hadysalardan» gaça durmak üçin iki harby kuwwatyň arasyndaky gepleşik kanallaryny gaýtadan açmaga çagyrdy.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 11-nji sentýabrda Moskwada guralan metbugat ýygnagynda Orsýetiň Siriýa has kän esger we harby tehnika eltýändigi baradaky gürrüňleriň ähmiýetini peseltmäge synandy.

Ol bu çäreleriň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşmegine kömek bermek üçin görülýändigini aýtdy.

Ol rus harbylarynyň bu ýurda esasan siriýaly esgerlere rus ýaraglaryny nähili ulanmalydygyny öwretmek üçin iberilýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýetiň Ortaýer deňziniň gündogaryndaky harby-deňiz maşklarynyň ozaldan planlaşdyrylandygyny we halkara kanunlarynyň çäginde geçirilýändigini aýtdy.

Emma Lawrow Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary bu ýurtdaky «Yslam döwleti» toparyny bombalaýan mahaly Orsýetiň,Siriýa bilen hyzmatdaşlygyny, bu ýurda gatnaşygyny ýokarlandyrandygyny boýun aldy.

Ol bu ýagdaýyň harby güýçleriň arasynda tötänden çaknyşyk döremek ähtimallygyny döredýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG