Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi: Oppozisiýa lideri tussaglykdan boşadyldy


Tbilisiniň öňki häkimi Gigi Ugulawa
Tbilisiniň öňki häkimi Gigi Ugulawa

Tbilisiniň sudy 17-nji sentýabrda agşam baş oppozision lideri türmeden boşatdy. Bir gün mundan öň Gürjüstanyň Konstitusion sudy onuň tussag edilmegi bikanun diýip karar çykardy.

Tbilisiniň öňki häkimi Gigi Ugulawa 14 aýlap deslapky tussaglykda saklandy. Oňa garşy ençeme jenaýat işi gozgaldy, şol sanda bikanun pullary ýuwmak we jemgyýetçilik fondlaryndan maksada laýyk bolmadyk ugurlardan peýdalanmak ýaly aýyplamalar ýöňkeldi. Oppozisiýa aýyplamalaryň ençemesiniň syýasy sebäplidigini aýdýar.

Suduň jaýynda jemlenen Ugulawanyň tarapdarlary ony boşatmak barada resmi karary el çarpmak bilen garşy aldylar.
Ugulawa suddan çykan badyna hökümetiň “elindäki häkimiýete” garşy çykyş etmegi wada berdi.

Gürjüstanyň arzuwy atly koalisiýa üç ýyl mundan ozalky saýlawlarda öňki prezident Mihail Saakaşwiliden üstün çykyp, häkimiýet başyna geleli bäri öňki resmileriň onlarçasy, şol sanda öňki premýer-ministr häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýa baş goşmakda aýyplanyp tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG