Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow TOPH-y maslahatlaşdy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni Owganystanyň nebit we magdan serişdeleri ministri Dawud Şah Sabanyň baştutanlygynda Aşgabada gelen delegasiýa bilen duşuşdy.

Duşuşyk mahalynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe möhüm meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda ýangyç-energetika pudagyndaky meseleler, TOPH proektini durmuş ýüzünde amala aşyrmagyň gürrüňi edildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Mundan başga, iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalarynyň arasynda oba hojalygy, maldarçylyk, tebigaty goramak we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga goltgy bermek barada maslahat edildi diýip, TDH 18-nji sentýabrda habar berdi.

XS
SM
MD
LG