Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň 'ýadro planlaryna' çäre görmekçi


Orsýet eger ABŞ-nyň Germaniýada ýadro ýaraglaryny täzelemegi planlaşdyrýandygy baradaky media habarlary hakykata laýyk bolsa, Ýewropada “güýç deňagramlylygyny” dikeltmek boýunça öz tarapyndan çäre görjekdigini mälim etdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow 23-nji sentýabrda eden çykyşynda Germaniýanyň ZDF telewizion stansiýasynyň maglumatyna salgylanyp, ABŞ-nyň şu ýylyň aýagynda Germaniýanyň Buechel howa bazasynda 20 sany täze taktiki ýadro bombasyny ýerleşdirmek niýetiniň bardygyny belläp, şeýle hereketiň “Ýewropada güýç deňagramlylygyny bozup biljekdigini” aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa Moskwanyň Waşingtonyň planlaryna aladalanma bildirýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG