Slowenianyň häkimiýetleri gündeki kwotalar kesgitlenenden soň Horwatiýadan gelen 1000-den gowrak migranty kabul etmekden ýüz öwürendiklerini habar berdiler.
1800 adamlyk otly gije geldi, emma “iň mätäç” 500 çemesiniň Sloweniýa geçmegine rugsat berildi, diýip polisiýanyň metbugat-wekili Bojan Kitel 19-njy oktýabrda aýtdy.
Horwatiýa öz demirgazyk serhedinden günde 5000 migrantyň geçmegine rugsat sorady, emma Slowenia iki esse az adamy kabul etmäge razydygyny aýdýar.
BMG-niň bosgunlar edarasy 10 000 çemesi migrantyň Serbiýada agyr şertlerde galýandygyny aýdýar.
Esasan Siriýadan, Owganystandan we Yrakdan gaçyp çykan onlarça müň bosgun Balkan ýurtlarynyň üstünden Ýewropanyň baý ýurtlaryna aşmaga çalyşýar.