Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Siriýadaky krizisi maslahat edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 16-njy noýabr, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmek üçin Tährana bardy. Gepleşikleriň Siriýa gönükdirilmegine garaşylýar.

Moskwa we Tähran Siriýadaky graždan urşunyň dowamynda prezident Başar al-Assadyň esasy ýaranlary bolmagyna galýarlar.

Siriýany halkara sanksiýalaryndan goraýan Orsýet 30-njy sentýabrdan bäri ýurtda “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyna garşy howadan hüjüm edýär, Eýran Siriýanyň hökümetine öz harby geňeşçilerini ýollaýar.

Putin 23-nji noýabrda Tähranda gazy eksport ediji döwletleriň sammitine gatnaşýar we Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei hem prezident Hassan Rohani bilen duşuşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG