Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina gazy kesjek diýýär


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak
Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Moskwanyň Ukraina gaz akdyrmagyny bes etjekdigini, sebäbi Kiýewiň öňünden töleg tölemändigini aýtdy.

Şeýle-de Nowak Orsýetiň Krymyň elektrik energiýasyndan kesilmegine jogap hökmünde Ukraina kömür ibermegini hem bes etmeginiň ähtimaldygyny belledi.

Nowak 24-nji noýabrda eden çykyşynda, gazyň akdyrylmagy Ukrainanyň öňünden töleg tölemändigi sebäpli, şu gün ýa ertir bes ediler” diýip, eger Kiýew Krymyň elektrik üpjünçiligini sandan çykarsa Orsýetiň “syýasy we ykdysady” taýdan jogap berjekdigini aýtdy.

Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasy häzir adatdan daşary ýagdaýda goşmaça gaz generatorlarynyň öndürýän elektrik energiýasyndan peýdalanýar. Ukrainanyň Krymy elektrik energiýasy bilen üpjün edýän sistemasy geçen dynç günlerinde Herson regionynda näbelliler tarapyndan sandan çykarylyp, ýarymadany toksuz galdyrdy.

Ukraina tarapdar aktiwistler sistemany düzetmek boýunça işlere päsgel berýärler.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow häzirki pursatda sandan çykan dört elektrik sistemasyndan diňe birini dikeldip boljakdygyny 23-nji noýabrda aýtdy.

XS
SM
MD
LG