Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak habarçysy ‘ýalandan ýadadym’ diýip işden çekildi


Bela Hudaýbergenowa.
Bela Hudaýbergenowa.

Gazagystanyň esasy döwlet telekanalynyň Londondaky habarçysynyň geçen hepde, "ýalan sözlemekden ýadadym" diýip, öz işini terk etmegi misli bomba bolup ýaryldy.

Bela Hudaýbergenowa 3-nji dekabrda "Facebook" sahypasynda özüniň "Habar" telekanalyny we onuň "24.kz" internet bölümini terk edýändigini bildirip, "men ahyrsoňy gidýärin. Özümi şat duýýaryn. Ynsaplydygyma göz ýetirdim. Mundan artyk ýalan sözläp bilemok" diýip ýazdy.

Bu habar ýaýranyndan soň gazak sosial mediasynda käbirleri tanymal žurnalistiň bu aýgytly göçümini tüýs ýürekden goldasa, käbirleri muňa "Habaryň" Londondaky býurosyny ýapmak baradaky plany sebäp boldumyka diýen soragy orta atdylar.

Hudaýbergenowa Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bilen söhbetdeşlikde özüniň "Habar" telekanalyny näme üçin terk edýändigini jikme-jik düşündirdi.

"Şadyýan millet"

Ol Täze ýyl baýramçylygyndan soňra telekanaly terk etmegi ozaldan ýüregine düwendigini, ýöne özüne ylalaşarlyksyz bir iş buýrulansoň, ondan öň işden çykmak kararyna gelendigini aýtdy.

Žurnaliste, gazaklaryň "şadyýan milletdigini" subut edýän zat hökmünde Gazagystanyň 16-njy dekabrda bellenjek garaşsyzlyk gününe niýetläp, ýurduň Londondaky ilçihanasy tarapyndan 2-nji dekabrda gurnalan bir ýygnanyşykdan habar taýýarlamak tabşyrylypdyr.

Hudaýbergenowanyň aýtmagyna görä, kaşaň myhmanhanada geçen bu ýygnanyşygy onuň "Gazagystanyň Britaniýa we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan sylanýan uly döwletdigini" subut edýän waka hökmünde görkezmegine garaşylypdyr.

"Bolany şu. Mende - indi besdir, bu işi mundan beýläk edip bilemok diýen duýgy döredi" diýip, Hudaýbergenowa aýdýar.

“Nädogry informasiýa”

Azatlyk Radiosy bilen bolan söhbetdeşligiň tutuş dowamynda žurnalist "Habar" telewideniýesini gazak halkyny sistemalaýyn nädogry maglumatlar bilen üpjün etmekde aýyplady.

Bela Hudaýbergenowa "Meniň pikirimçe, nädogry informasiýa giň gerimli hem düýpli berilýär. Bu diňe içerki ýagdaýlar barada däl, daşarky ýagdaý barada hem şeýle. Biz [žurnalistler] tigirleri aýlaýan maşynyň bir bölegi. Biz özümiziň isleýän zadymyzy aýtjak 'ekspertleri' tapýarys. Olar başga zady aýtsalar, ony zyňyp goýberýäris. Gazagystanda ilatyň ýaryndan köpüsi aşa garyplykda ýaşaýar. Biz gazanylan üstünlikler, ençeme million dollarlyk şertnamalar barada habar berýäris. Garamaýak halka bolsa bulardan bir köpük-de peýda ýok" diýip gürrüň berýär.

Hudaýbergenowanyň milleti gazak. Ol Sowet Russiýasynyň Astrahan sebitinde doglup, Moskwada ulalypdyr.

2003-njy ýyldan başlap, "Habaryň" we "24.kz" telewideniýesiniň habarçysy bolup Moskwada işläpdir, 2009-njy ýylda hem Londona göçüp gelipdir.

"Habar" bilen ilteşikli we merkezi Almatyda ýerleşýän "Kerwen" hepdeligi golaýda özüniň baş makalasynda Hudaýbergenowanyň bu hereketini tankytlady.

Hepdeligiň ýazmagyna görä, žurnalist özüniň basym işden çykaryljakdygyny bilensoň, "gapyny şarkyldadyp ýapmaly" diýen karara gelipdir. Baş makalada "käbir žurnalistleriň öz hünärine sarpa goýmaýandygyna" gynanç bildirilýär.

Hudaýbergemowa bolsa bulara "boş gürrüňler" diýip at berdi.

XS
SM
MD
LG