Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana basyşy talap edýär


Eýranyň Emad raketasynyň synagy,11-nji oktýabr, 2015

ABŞ BMG-niň 15-nji dekabrda çap eden hasabatynda Tähranyň ýadro ýaragyny götermäge ukyply raketalaryň ulanylmagyna BMG-niň girizen sanksiýalaryny bozandygy aýdylandan soň Eýrana basyş edilmegini talap edýär.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samantha Power Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bilen bilelikde Eýranyň 10-njy oktýabrda geçiren raketa synagy boýunça hasabat berilmegini talap edipdi.

“Geňeş Eýranyň rezolýusiýalarymyzy jezasyz bozmagyna ýol berip bilmez”, diýip Power BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 15-nji dekabrda geçiren maslahatynda aýtdy.

Tähran şu ýylyň iýul aýynda halkara ylalaşygyna gol çekip, öz ýadro programmasyny çäklendirmek borjuny öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG