Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda ýer süýşdi


Günorta Hytaýda bolan ägirt uly toprak süýşmesi Şenžen şäherinde 22 binany basdy we 40-dan gowrak adam tapylmaýar diýip, häkimiýetler 20-nji dekabrda aýtdylar.

Azyndan ýedi adam harabalaryň aşagyndan halas edildi diýip, Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiň ýangyna garşy göreş býurosy internetde beýanat ýaýratdy.

1500-den gowrak halas ediş işgäriniň işe girizilendigi aýdylýar.

Pidalar barada habar berilmedi. Toprak süýşmesinden öň, ir bilen 900 çemesi adamyň ewakuasiýa edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG