Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan uniwersitet hüjüminden soň ýas tutýar


«Çarsadda» şäherinde öldürilenleriň sany 21 boldy.
«Çarsadda» şäherinde öldürilenleriň sany 21 boldy.

Pakistan 21-nji ýanwarda, Baça Han uniwersitetine edilen ganly hüjümden soň, Milli ýas gününi aglan etdi.

Dört jeňçi pakistan goşuny tarapyndan öldürilmezden öň uniwersitete zabt edip, studentleri we mugallymlary oka tutdy.

«Çarsadda» şäherinde öldürilenleriň sany 21-nji ýanwarda, geologiýa fakultetiniň studentiniň hassahanada ýarasyndan jan bermegi bilen, 21 boldy.

Resmi binalarda we pakistan parlamentiniň binasynda baýdaklar ýarym aşak düşürildi.

Polisiýa we howpsuzlyk güýçleri bolsa ýurduň mekdeplerindäki howpsuzlyk hüşgärligini güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG