Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, Hytaý strategiki gatnaşyk gurýar


Hassan Rohani
Hassan Rohani

Hytaýyň prezidenti Si Jinping Tähranda ikitaraplaýyn syýasy-ykdysady gepleşikleri geçirmek üçin eýran resmileri bilen duşuşdy.

Si Jinping Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, biraz soň bolsa ýokary ruhany lider, aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Eýran resmileri bu sapar netijesinde 16 şertnama gol çekiljegini aýtdylar.

Iki ýurduň prezidentleriniň ikiçäk gepleşiklerinden soň guralan metbugat ýygnagynda prezident Rohani bu saparyň sanksiýalar ýatyrylandan soň, taryhy bir pursatda bolup geçýändigini belläp, iki tarap üçin hem özara bähbitli, gutarnykly ylalaşylan dokumentlere gol çekiljegine umyt bildirdi.

"Şu gün biz iki ýurduň arasyndaky strategiki gatnaşyklar, 25 ýyllyk hemmetaraplaýyn şertnama baglaşmak, gelýän on ýylda kitaraplaýyn gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak barada maslahat etdik» diýip, Rohani 23-nji ýanwardaky gepleşiklerden soň aýtdy.

Şeýle-de ol Hytaý bilen Eýranyň özara söwdanyň möçberini gelýän on ýylda 600 milliard dollara ýetirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Bu iki ýurduň arasyndaky söwda 2014-nji ýylda 52 milliard dollar möçberinde bahalandy.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping metbugat ýygnagynda eden çykyşynda «biz özara gatnaşyklary strategiki gatnaşyklara öwürmek kararyna geldik» diýdi. Şeýle-de ol iki ýurduň arasyndaky syýasy ynamdarlygy täze bir derejä götermek barada maslahat edendiklerini aýtdy.

Si bilen sapara hökümet başlygynyň üç orunbasary, alty sany hökümet ministri bardy. Hytaý Eýranyň nebitiniň esasy alyjysy bolup durýar.

Si 16-njy ýanwarda Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary ýatyrylandan soň Tährana sapara gelen uly döwlet liderleriniň ilkinjisidir.

XS
SM
MD
LG