Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Işe girmek üçin karz alyp, para berýärler”


Türkmen zenany.
Türkmen zenany.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitlerinde zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralarynyň hereket edýändigi resmi mediada habar berilýär. Bu edaralaryň esasy wezipeleriniň iş gözleýänleri hasaba almakdan, iş berijileriň işçi güýjüne bolan isleglerini öwrenmekden, iş gözleýänleriň işe ýerleşmegine ýardam bermekden we zähmet bazaryndaky meseleleri kadalaşdyrmakdan ybaratdygy bellenilýär.

Şol bir wagtda, käbir türkmenistanlylar ýurtda işsizligiň ýokary derejede duýulýandygyny aýdyp, işe ýerleşmek üçin resmilere degişli möçberdäki parany bermeli bolýandygyny nygtaýarlar.

Bu barada Mary şäherinden 50 ýaşly Sülgün Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:30 0:00

XS
SM
MD
LG