Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: Orsýet Ýewropany durnuksyzlaşdyrýar


 Jens Stoltenberg
Jens Stoltenberg

NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg «Orsýetiň özdiýenliligi Ýewropany durnuksyzlaşdyrýar» we Moskwanyň öz ýadro kuwwaty babatdaky ritorikasy hem-de ony mazamlamagy goňşulary gorkuzmaga we ynamy gowşatmaga gönükdirilen diýdi.

Stoltenberg 13-nji fewralda, Mýunhendäki Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, NATO Orsýet bilen gapma-garşylyk ýa-da «täze Sowuk uruş» islemeýär, emma onuň jogaby nagt bolmaly diýdi.

Ol NATO-nyň öz gündogar çäklerindäki goranyşy berkitmek çäreleri diňe goranyş, «uruş turuzmak üçin däl, eýsem urşuň öňüni almak üçin» görülýär diýdi. Stoltenberg NATO-nyň iýulda Warşawada geçjek sammitine bu goranyş çäreleriniň has-da berkidilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Ol «has kän goranyşa» we şonuň bilen bir wagtda Orsýet bilen has kän dialoga çagyrdy.

Stoltenberg Orsýetiň öz ýadro kuwwatyny dile çolamagynyň köpelmeginden alada bildirdi. Ol hiç kim adaty uruşda ýadro ýaragynyň ulanylmagy barada pikir etmeli däl diýdi.

XS
SM
MD
LG