Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkandaky migrantlar bilen bagly krizis


Makedoniýanyň polisiýa ofiseri bosgun zenany we çagany barlagdan geçirýär.
Makedoniýanyň polisiýa ofiseri bosgun zenany we çagany barlagdan geçirýär.

Soňky ýyllarda söweşden we ýeter-ýetmez ýaşaýyşdan gaçyp gelýän ýüz müňlerçe adamlar, Günbatar Ýewropa ýurtlaryna baryp ýetmek üçin, Balkan ýurtlarynyň üstünden uzak ýol sökmeli bolýarlar. Ýöne häzirlikçe bu ýollarda käbir meseleler bar. Olaryň şondan soňky menzillerde-de migrantlar problemasyna uçramajagy anyk belli däl.

Bu ýerde 5 zady hasaba almak gerek.

1. Ýoluň soňy

Awstriýada we dört sany balkan ýurdunda (Sloweniýa, Horwatiýa, Serbiýa we Makedoniýa) bolşy ýaly Balkan ýurtlarynyň üstünden geçýän gatnaw ýoly häzir ýapyk ýagdaýda. Şol ýurtlar Gresiýadan Ýewropanyň içlerine tarap geçýän bosgunlaryň we ykdysady migrantlaryň sanyna özbaşdak kwota sistemasyny girizdiler.

Fewral aýynda kabul edilen karar boýunça, her gün diňe 80 bosgunyň we tutuş şu ýylyň dowamynda-da iň köp bolsa 37,500 adamynyň Awstriýanyň üstünden geçmegine rugsat edip, Wena bu ugurda birinjiligi eýeledi. Bu düzgüne laýyklykda, Awstriýa öz üstünden Germaniýa we başga ýerlere geçjek bosgunlaryň sanyny 3,200 adama çenli çäklendirdi.

Bosgunlar.

Awstriýadan soňra ýene dört sany balkan ýurdy öz topraklaryna migrantlaryň geçmesini günde 580 adam diýip çäklendirdi. Olar muny, hamana, müňlerçe migrantlaryň beýleki ýurtlarda kynçylyk çekmeginden aladalanýanlary üçin täze bosgunlaryň serhetden geçmegine rugsat bermeýäris diýip düşündirýärler.

Awstriýa we dört sany balkan ýurtlary, Ýewropanyň migrantlar baradaky krizisi meselesinde Ýewropa Bileleşiginiň umumy çözgüdine garaşyp durman, “Polisiýa gulluklarynyň” duşuşyklaryny gurnamak bilen, bu meseläniň çözgüdi barasynda özara bilelikde hereket etdiler.

2. Migrantlar kyn ýagdaýda

Balkan ýurtlaryndaky migrantlar üçin gatnaw ýollarynyň ýapylmagy 22 müň bosgunyň Gresiýada galmagyna sebäp bolýar. 2 müňden gowrak adam her gün Ortaýer deňziniň üsti bilen Ýewropa gelýär.

Gresiýa, Awstriýanyň we dört sany balkan ýurtlarynyň çykaran birtaraply kararlarynyň migrant krizisini göre-bile “Gresiýa meselesine” öwürýänligini aýdyp, ol ýurtlara gahar edýär.

Ykdysadyýeti bergi krizisi bilen göreşýän Gresiýa, müňlerçe bosgunlar bilen bagly kynçylykdan baş alyp çykmakdan ötri, Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasynda iň erbet ykdysady ýagdaýdaky ýurtdyr.

Bu ýagdaý migrantlaryň bu ýerde galyp bilmejegini aňladýar. Ýöne bir sorag bar: “Nirä gitmeli we nädip gitmeli?”

3. Şengenden çykmak

Balkan ýollarynyň ýapylmagy müňlerçe migrantlary Ýewropa geçmek üçin täze ýollary gözlemäge iterýär.

Bir alternatiw ýol: Gresiýanyň serhedinden Albaniýa geçmek we ol ýerden hem Adriatik deňzi bilen Italiýa barmak. Alban kriminal toparlary Italiýa suw üsti bilen dowamly gaçakçylyk etýärler. Häzir olar muny adam gatnawyna öwrüp bilerler.

Ýene başga bir ýol Rumyniýa bolup biler. Migrantlar ilki Türkiýä geçip, ol ýerden hem Bolgariýanyň üsti bilen Rumyniýa geçip bilerler. Ýa-da gaýykly Türkiýeden Gara deňzi bilen göni Rumyniýa geçip bilerler. Bu ýerde maksat Wengriýa baryp, ol ýerden hem Şengen zonasyna aralaşmakdan ybarat.

Mümkin bolan üçünji bir ýol: Kawkazyň üsti bilen Orsýete, o ýerden Belarusa, Belarusdan hem Polşa geçmek. Polşa-da Şengen zonasyna girýär.

4. Brýussel çykgynsyz ýagdaýda

Awstriýanyň we beýleki dört sany balkan ýurtlarynyň Balkanlardan geçýän gatnaw ýoluny ýapmagy bütin Ýewropa Bileleşigini haýran galdyrdy.

Migrantlar krizisine gezek gelende, Ortaýer deňzindäki adam gatnawyny azaltmak üçin, Türkiýäni razy edip, bosgunlar akymynyň öňüni almak ÝB-niň gözleýän umumy çözgütleriniň biridir.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Brýussel bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Ýewropa Bileleşigi Türkiýä, 2 million bosguny ýurdunda saklamak we olara kömek bermek şerti bilen, başlangyçda 3 million ýewro möçberinde maliýe kömegini bermegi wada etdi. Bu ylalaşyga görä, Türkiýe NATO-nyň ýardam bermeginde Egeý deňzindäki harby hukuklaryny artdyrýar we bu ýyldan başlap ÝB ýurtlary tarapyndan kabul edilmedik migrantlary yzyna almaga razy bolýar.

Bosgunlar krizisi bilen bagly dartgynlyklar artan döwründe käbir ÝB ýurtlary Brýusseliň kararyna garaşyp durman, özleri käbir kararlary durmuşa geçirdiler.

Awstriýanyň bosgunlaryň öz topragyna girmesini çäklendirmek karary Brýussel tarapyndan tankyt edildi. Ýöne Awstriýa bu ugurda gozganyp ugran birinji ýurt däl. Wengriýa geçen ýyl Serbiýa we Horwatiýa bilen aradaky serhedine diwar çekip, bu ugurda özbaşdak herekete geldi. Soňky günlerde ýurduň premýer-ministri Wiktor Orban ýurduň Rumyniýa bilen aradaky serhedinde hem gözegçiligi berkitmek barada goranmak ministrine we içeri işler ministrine buýruk berdi. Mundan başga-da agza ýurtlaryň arasynda bosgun ýüküni paýlaşmak üçin edilen aladalanmalaryň, dört sany merkezi ýewropa ýurtlary tarapyndan ret edilmegi bu planyň amala aşyrylmagyna päsgel berdi.

5. Ýewropa gözegçiligi artdyrýar

2015-nji ýylyň dowamynda Ýewropa Ýakyn Gündogardan we Afrikadan 1 milliondan gowrak migrant geldi. Bu ýyl bu sanlaryň artmagyna garaşylýar. Bu ýylyň ilkinji iki aýynyň dowamynda Ortaýer deňzinden eýýäm 131,724 migrant [Ýewropa tarap] geçipdir.

Günbatar Ýewropa ýurtlary bosgunlar akymynyň üznüksiz dowam edip durandygyny we onça möçberdäki bosguny kabul edip bilmejekdiklerini aýtsalar-da, ol ýewropa ýurtlary migrantlaryň esasy barmak isleýän ýurtlarydyr. Emma ýewropa ýurtlary indiden eýläk mejbury bosgunlar bilen ykdysady bosgunlaryň arasyndaky tapawuda berk gözegçilik etjekdiklerini aýdýarlar.

Germaniýa köpsanly migrantlary alandan soň kabul edilmedik dalaşgärleriň yzyna iberilip bilinjek “howpsuz” ýurtlarynyň sanyny artdyrdy. Şwesiýa geçen ýyl kabul eden migrantlarynyň ýarpysyny yzyna iberip biljekdigini aýdan bolsa, Finlandiýa hem öz kabul eden bosgunlarynyň üçden ikisini yzyna iberip biljekdigini habar berdi. Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň käbiri migrantlary asla kabul etjek däldigini aýdýarlar. Wengriýa we Slowakiýa ýaly ýurtlar bolsa diňe hristian dininden bolanlary kabul etjekdigini habar berýärler.

Öz ýurtlaryny zulum we gorky sebäpli terk edip, gaçybatalga gözläp gelýän migrantlaryň öňünde Ýewropa henizem öz gapylaryny doly ýapmak islemeýär. Ýöne ýene-de şeýle sorag ýüze çykýar: “Ýewropa bosgunlara ýardam etmelimi ýa-da köpsanly bosgunlar howpundan daşda durmalymy?”

Häzire çenli bu soraglara jogap ýok.

XS
SM
MD
LG