Eýranyň resmi topary haj zyýaratyny maslahat etmek üçin indiki hepdede Saud Arabystanyna syýahat eder. Riýad we Tähran özara aragatnaşygyny bes edeli bäri taraplaryň arasynda ilkinji gezek dialog geçiriler.
Saud Arabystany Tähranda we Maşadda öz ilçihanalaryna edilen hüjümlerden soň 3-nji ýanwarda Eýran bilen gatnaşygyny ýatyrypdy. Saud Arabystanyň meşhur şaýy ruhanysyna ölüm jezasyny bermeginiň yzýany Eýranda gahar-gazaba münen märeke ilçihanalary oda beripdi.
Geçen ýylyň haj zyýaratynda 464 eýranlynyň heläk bolmagy hem dartgynlylygyň döremegine sebäp bolupdy.
Eýranyň haj zyýaraty boýunça “Said Ohadi” gurmasynyň ýolbaşçysy Riýad bilen gepleşik geçirmek üçin resmi topary ýollamak plany barada 6-njy aprelde döwlet mediasyna aýtdy.
Şu ýyl Mekkä haj zyýaraty sentýabr aýynda geçiriler.