Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“CA”: ÝÖDB Türkmenistanda öz prinsiplerinden çekilýär


Ýewropanyň ösüş we dikeldiş bankynyň (ÝÖDB) prezidenti Suma Çakrabarti.
Ýewropanyň ösüş we dikeldiş bankynyň (ÝÖDB) prezidenti Suma Çakrabarti.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän, döwlete degişli däl gurama Ýewropanyň Ösüş we dikeldiş bankynyň Türkmenistanyň TOPH gazgeçiriji proýektiniň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirmegi, ýewropa bankynyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada öz öňde goýan prinsiplerinden yza çekilýändigini aňladýar diýip, ýörite beýanat ýaýratdy.

“Crude Accountability” guramasynyň 26-njy maýda ýaýradan beýanatynda, Ýewropanyň ösüş we dikeldiş bankynyň (ÝÖDB) prezidenti Suma Çakrabartiniň 23-nji maýda Türkmenistana eden saparynyň çäginde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ÝÖDB-niň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň gurluşygyna gatnaşmak ähtimallygy barada maslahat edendigi aýdylýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama özüniň penşenbe güni köpçülige ýetiren beýanatynda Ýewropanyň Ösüş we dikeldiş banky esasy düzgünnamasynyň 1-nji maddasynda, Ýurtlar baradaky strategiýasynda we bu banka agza ýurtlaryň kabul eden Pariž şertnamasynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada aýdylan beýanatlaryndan mysallar getirip, "ÝÖDB-niň häzirki tutumy şol beýanatlara gapma-garşy gelýär” diýýär.

Bankyň strategiýasy

“ÝÖDB-niň Türkmenistan baradaky strategiýasynda ýurtda syýasy we ykdysady problemalaryň, şol sanda adam hukuklarynyň bozulmalarynyň giňden ýaýrandygy, döwletiň ýurduň ykdysadyýetine öz erkine gatyşýandygy barada ençeme meseleler agzalýar. Bankyň strategiýasynda, eger Türkmenistan şu problemalary gowulandyrmakda öňegidişlik gazanmasa, onda bankyň Aşgabat bilen öz gatnaşyklaryny öňküsinden-de çäklendirjekdigi aýdylýar” diýlip, “Crude Accountability” guramasynyň beýanatynda nygtalýar.

Maglumatda, 2014-nji ýylda ÝÖDB bu strategiýany kabul edeni bäri, ýurduň syýasy sferasynda ujypsyzja üýtgeşmäniň bolandygy we söz azatlygy we syýasy pluralizm ýaly esasy azatlyklaryň depelenmeginiň dowam edýändigi aýdylýar.

Gürrüňi edilýän gurama, Türkmenistanyň halkara hasabatlarynda iň soňky ýerleri eýeleýändigini ýatladyp, Türkmenistanyň “Transparency International” guramasynyň hasabatynda dünýäniň iň bir korrumpirlenen bäş ýurdunyň we “Freedom House” guramasynyň demokratik ösüş boýunça edilen gözegçiliklere esaslanýan raportynda “ýamanyň ýamany” atly ýurtlaryň hatarynda saklanyp galýandygyny nygtaýar.

“Bank öz srategiýasyny, düzgünnamasyny bozýar”

Beýanatda “Eger ÝÖDB Türkmenistanyň ýerasty gazylyp alynýan ýangyç proýektlerine gatnaşmagy saýlap alsa, onda ol özüniň diňe Ýurtlar baradaky strategiýasyny däl, eýse Bankyň esasy düzgünnamasynyň 1-nji maddasyny hem bozar” diýlip nygtalýar.

Beýanatyň jeminde “Crude Accountability” guramasynyň Hazar energiýasy we daşky gurşaw baradaky koordinatory Soniýa Zilberman: “ÝÖDB Türkmenistan ýaly korrumpirlenen we awtoritar ýurtda nebit-gaz proýektlerini maliýeleşdirmegi ret etmek arkaly, özüniň daşky-gurşawyň goraglylygy babatdaky we düzgünnamasynyň 1-nji maddasyndaky borçlaryna ygrarlylygyny görkezmeli” diýýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, her ýyl 33 milliard kubometr türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrmagy göz öňünde tutýan TOPH proýektiniň gurluşygyna geçen ýylyň dekabr aýynda Maryda badalga berildi. Şondan bäri hem Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurt banklaryny, edaralaryny TOPH halkara gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga yzygiderli çagyryp gelýär.

XS
SM
MD
LG