Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Gazagystan näme sebäpden çaýkanýar?


Aktobe, terror pidalarynyň ýasy tutulýar. 9-njy iýun, 2016.
Aktobe, terror pidalarynyň ýasy tutulýar. 9-njy iýun, 2016.

5-nji iýunda Gazagystany sarsdyran ýene bir pajygaly waka bolup geçdi. Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe şäherinde ýüze çykan çaknyşyklarda azyndan 24 adam heläk boldy.

Aradan ençeme günüň geçendigine garamazdan, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşan şol adamlaryň kimlerdigi hakda takyk maglumat ýok. Olar hakda hökümet resmileri biri-birinden tapawutly pikirleri orta atýarlar.

Umuman aýdylanda, olary terrorist diýip häsiýetlendirýänlerem bar, ykdysady ýagdaýlara adaty halkyň görkezen reaksiýasy hökmünde baha berýänlerem, garaz şeýle wakalar günbatar Gazagystanda barha ýitileşýär.

Mundan ozal 2011-nji ýylda-da, gürrüňi gidýän şol şäherde Gazagystanyň taryhyndaky ilkinji janyndan geçeniň hüjümi amala aşyrylypdy. Edil şol ýyl, Aktobeden o diýen uzak bolmadyk, Žanaözen şäherinde hem şeýle gazaplylyklar bolup geçipdi.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýa gönükdirlip taýýarlanýan “Mejlis” atly gepleşigimiziň bu günki sanynda, näme sebäpden Gazagystanyň günbatary çaykanýar, şu güne çenli bolan şol wakalaryň nähili arabaglanyşygy bar, we olar ýurduň we regionyň geljegine nähili täsirini ýetirip biler diýen ýaly soraglaryň töwereginde kelle döwülýär.

“Mejlisiň” bu günki myhmanlary:

Aigerim Toleukhanova :- “Konvoy bulletini” neşiriniň Gazagystandaky habarçysy;

Naubet Bisenov :- “BNE Intelli News” neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça habarçysy;

Bruce Pannier :– Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meselelerine bagyşlanan “Qishloq Ovozi” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Günbatar Gazagystan näme sebäpden çaýkanýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG