Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml propagandasy Ýewropada “ynamsyzlyk döretmek isleýär”


Pragada bosgunlaryň gelmegine we musulmanlara garşy protest geçirýän adamlar.
Pragada bosgunlaryň gelmegine we musulmanlara garşy protest geçirýän adamlar.

Bir täze barlagda gelnen netijeleriň görkezmegine görä, Orsýetiň Çeh respublikasynda alyp barýan propagandasyndan esas maksat Ýewropada we onuň institutlarynda şübhe hem ynamsyzlyk döretmek.

Çehiýanyň Brno şäheriniň Masaryk uniwersitetiniň iki professory tarapyndan geçirilen barlagda Moskwanyň, sowet döwrüniň göze ilginç taktikalaryndan tapawutlylykda, indi merkezi Ýewropa ýurtlarynda çylşyrymly oýunlary oýnaýandygy aýdylýar.

"Propaganda diýlende köp adamlar belli bir duýgulary oýarmaga, garaýyşlary üýtgetmäge gönükdirilen plakatlary, suratlary ýa wideolary göz öňüne getirýärler" diýip, barlagyň awtorlarynyň biri bolan Milos Gregor düşündirýär. Ol "Aslynda bolsa, bular ýaly manipulatiw metodlar gaty seýrek ulanylýar. Garaýyşlary we pikirleri üýtgetmek üçin uzak möhletli ulanylýan metodlar juda çylşyrymly, juda inçe" diýýär.

Bu çemeleşiş diňe Çeh respublikasynda däl

Bu çemeleşiş diňe Çeh respublikasy bilen hem çäklenenok. Kremliň tutuş Ýewropa Bileleşiginde adamlaryň aňyna täsir etmek barada edýän synanyşyklary Brýusseli şeýle aladalandyrdy welin, ol 2015-nji ýylyň mart aýynda özüniň Orsýetiň propagandasyna garşy gönükdirilen ilkinji operasiýasyny ýola goýdy. Moskwanyň öz garaýyşlaryna we syýasatlaryna goldaw tapmak üçin habar şerişdelerinden peýdalanmagy Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryny, aýratyn-da, Baltika döwletlerini howsala saldy.

Gregoryň bellemegine görä, çeh mediasynyň sferasynda Kremliň tarapyny çalýan habar saýtlarynda ulanylýan esasy elementler belli şahsyýetlere edilýän hüjümlerden, barmak çommaltmak we töhmetlerden ybarat. Kremliň propagandalarynda göz öňünde tutulýan aýry-aýry faktlara garşylyk görkezmek däl-de, ilkinji nobatda, gidýän jedelleri Moskwanyň maksatlaryna laýyk ugra gönükdirmek diýip, Gregor nygtaýar.

Awtorlar barlagda dört sany habar websaýtyny gözden geçiripdirler. Bular, barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, Kremliň bähbidine bolan habarlary hemmeden köp ýaýradýan saýtlar. Barlagda, aýratyn-da, üns merkezinde duran bu saýtlaryň Ýewropadaky migrant krizisine, şeýle hem Siriýada we Ukrainada barýan konfliktlere nähili çemeleşýändigi bolupdyr.

Migrant krizisinden peýdalanylýar

Barlagda gelnen netijä görä, Orsýet tarapyndan edilýän propagandada adamlarda Ýewropanyň institutlaryna we elitasyna ynamsyzlyk döretmek üçin migrant krizisinden peýdalanylýar.

"Migrant krizisi baradaky makalalar gaty emosional, olarda emosional metodlardan peýdalanylýar, myş-myşlar ýaýradylýar, adamlarda gorky döredilýär. Ukraina ýa Siriýa konfliktleri baradaky makalalarda bolsa, munuň tersine, bolýan wakalar kiçeldilip, ähmiýetsiz edilip görkezilýär. Munuň okyjyda bu görnüşi ýaly bir uly problema däl, beýle bir aýylganç waka däl diýen duýgyny oýarmak üçin edilýän bolsa gerek" diýip, Gregor aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýa Birleşen Ştatlaryň alyp barýan syýasaty hakdaky tankydy maglumatlar we makalalar fakt bilen esaslandyrylan halatynda gowy zat. Ýöne ors propagandasynda fakt ýok.

"Biriniň Ýewropa Bileleşigini tankytlamagy onuň Orsýete hyzmat edýändigini ýa oňa Kreml tarapyndan pul tölenýändigi aňladanok. Ýewropa Bileleşiginiň äden käbir syýasy ädimleri, elbetde bar, biz olary tankytlap bilýäris, ýöne bu taktika taýdan Kremle hyzmat etmegi aňladanok" diýip, Gregor düşündirýär.

Barlagda gözden geçirilen websaýtlar

Ol soňra hem: "Ýewropa Bileleşigine gönükdirilýän tankytlar, diýeli, adalatlymy, faktlara esaslanýarmy ýa-da ol bir 'duşman' edilip, manipulatiw metodlardan peýdalanylýarmy, biziň üns berenimiz şu zatlar" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Jemgyýetçiligi barlagyň netijeleri bilen tanyşdyrmak üçin üstümizdäki hepdäniň başlarynda Pragada geçirilen metbugat ýygnagynda barlagyň beýleki awtory Petra Wejwodowa-da Kremliň edýän propaganda synanyşklarynyň çylşyrymlydygyny nygtap, olarda Moskwanyň ýöredýän syýasatynyň açyk goldalmagyna juda seýrek duş gelinýändigini aýtdy.

Wejwodowanyň bellemegine görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ady barlanan materiallaryň diňe 30 prosentinde agzalypdyr. Ol bu babatda Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman bilen ýurduň maliýe ministri Anrej Babisden soňra üçünji orunda durýar.

Barlagda dört saýt gözden geçirilipdir. Bularyň biri Kreml tarapyndan kontrollyk edilýän we birnäçe ýurtda iş alyp barýan habar gullugy Sputnigiň çeh wersiýasy. Ikisi bolsa Orsýetiň açyk tarapyny çalýan saýtlar bolan "AC24" bilen "Swet kolem nas" (Töweregimizdäki dünýä). Beýlekisi hem "Parlamentni listy" (parlament kagyzlary).

"Parlamentni listy" saýtynyň sanawa girizilmegi käbir jedellere sebäp bolmadyk däl.

Ýöne Gregor bu saýtyň içindäki makalalarda-da Kremli açyk goldaýan saýtlaryňky ýaly - daşary ýurtlar baradaky habarlarda bolsa olaryňkydan hem köp - "manipulatiw" metodlaryň ulanylýandygy ýüze çykaryldy diýýär.

Çeh respublikasyndaky aktiwistleriň pikiriçe Kremliň propagandasyna gaýtawul bermegiň iň gowy ýoly jemgyýetçiligi, aýratyn-da ýaşlary mundan habarly etmek.

XS
SM
MD
LG