Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Orsýet, YD we Britaniýanyň karary barada maslahat eder


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (ortada) we beýleki syýasy we harby resmiler, Warşawa, 8-nji iýul, 2016
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (ortada) we beýleki syýasy we harby resmiler, Warşawa, 8-nji iýul, 2016

NATO-nyň sammitine jemlenen Günbatar ýurtlarynyň liderleri bileleşigiň Orsýetiň agressiýasynyň, “Yslam döwletiniň” toparynyň ekstremistleriniň, Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmek kararynyň, şeýle-de millionlarça adamy Ýewropada gaçybatalga gözlemäge mejbur eden konfliktleriň döreden kynçylyklary bilen iş salyşmaly bolandygyny aýtdylar.

8-nji iýulda “Financial Times” gazetinde çap bolan maglumatda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň iki günlük sammit “trans-atlantik bileleşigi üçin Sowuk urşy döwründen bäri iň möhüm pursady bolar” diýip aýdandygy bellendi.

Sammitde esasy üns Orsýete gönükdiriler.

Günbatar Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan basyp almagyna we 9300-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan konflikti başdan geçirýän gündogar Ukrainada separatistlere goldaw bermegini ýazgarýar.

XS
SM
MD
LG