Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ähli welaýatda "Ak öý" isleýär


Prezident "Ak öý" taslamasyny tassyklady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:21 0:00

Prezident "Ak öý" taslamasyny tassyklady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyna baryp, ýene bir uly desganyň – medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen "Ak öýüň" taslamasyny tassyklady.

Prezident Berdimuhamedow dikuçarda, «guşuçar belentlikden» ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, durmuş-sosial maksatly desgalary gurmak barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilentanyşdy diýip, TDN anna güni habar berdi.

Resmi maglumata görä, prezident Köpetdagyň eteginde, milli bahar baýramynyň esasy dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrülen «Nowruz» ýaýlasynda täze guruljak binalaryň taslamalary bilen tanşyp, 3000 orunlyk Ak öýüň özüne görkezilen proýektini «umuman» tassyklapdyr.​

"Nowruz" baýramy, Ahal, mart, 2014 ý.
"Nowruz" baýramy, Ahal, mart, 2014 ý.

Döwlet baştutany täze desganyň gurluşygynda iri medeni-köpçülikleýin çäreleri, milli we halkara ähmiýetli maslahatlary forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagyny tabşyrdy diýip, habarda aýdylýar.

Ýöne bu desganyň umumy düşjek bahasy, onuň nähili esaslarda maliýeleşdiriljekdigi ýa-da haýsy firma tarapyndan näçe wagtda guruljakdygy aýdylmaýar.

Mundan öň şeýle Ak öý ýa-da «Türkmeniň ak öý binasy» diýilýän Mary welaýatynda gurlupdy.

Indi, prezidentiň islegine görä, şeýle ak öýler Ahaldan başga Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda hem gurlar.

Şeýle-de ol «Nowruz» ýaýlasyna gelýän ýolda «belent girelgäniň» bina edilmeginiň «maksadalaýyk» boljakdygyny aýdypdyr.

Geçen ýylyň noýabrynda Marydaky "Ak öýde", dört müň gowrak adam birlikde prezident Berdimuhamedowyň adyna berilýän «Öne, diňe öňe, jan watanym - Türkmenistan» aýdymyny ýerine ýetiripdi.

Türkmen telewideniýesi bu wakanyň Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alnandygyny bellemegiň "ýerlikli boljakdygyny" ýatladýar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary prezident Berdimuhamedowy döwlet serişdelerini, ýeke özüniň karar bermeginde, gerekmejek ýa häzir zerur bolmadyk, bahasy çişirilen we ykdysady ähmiýeti bolmadyk gurluşyklara harçlamakda tankyt edýärler.

Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanyndan soň Aşgabatda we welaýatlarda onlarça medeni-köpçülik binasy, köşkler, kongres zallary... guruldy. Emma olaryň köplenç boş durýandygy, şol bir wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň aşa gymmatlaýandygy, ýönekeý adamlaryň jaý edinmeginiň ýyl-ýyldan kynlaşýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG