Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ýurduň maliýe syýasatyny öwdi


Pul çalyşyk nokady, Türkmenistan, 2015.
Pul çalyşyk nokady, Türkmenistan, 2015.

Türkmenistan öz maliýe syýasatyny kämilleşdirmek boýunça öňe tarap ädim ädýändigini, önümçiligiň we ykdysadyýetde ileri tutýan ugurlarynyň maliýe üpjünçiligini artdyryp, halkara maliýe edaralary bilen işleşmegini ýaýbaňlandyrýandygyny aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milli manadyň dolanyşa girizilmeginiň 23-nji ýyl dönüminde eden çykyşynda Türkmenistanda milli puluň girizilmeginiň ykdysady ösüş üçin şert döredendigini nygtady.

Emma käbir synçylar türkmen manadynyň häzirki hümmetiniň milli puluň girizilen döwrüne garanda has peselendigini aýdýarlar we ýurduň häzirki ykdysady ýagdaýynyň pese gaçyp, 23 ýyl mundan ozalky derejesine golaýlandygyny belleýärler.

Azatlyk Radiosy türkmen manadynyň dolanyşa girizilmeginiň gözbaşynda duran öňki hökümet resmisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş bolup, türkmen manadynyň häzirki ýagdaýyna syn bermegi sorady.

Türkmen prezidenti ýurduň maliýe syýasatyny öwdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:26 0:00

XS
SM
MD
LG