Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Demokratik hökümetler has adalatly we durnukly bolýar


Gresiýa, Prezident Barak Obama söz sözleýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama özüniň prezident hökmündäki soňky saparynyň birinji tapgyryny jemläp, 16-njy noýabrda Afinada demokratiýa we globallaşma barada sözledi.

Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň ýurt hökmünde özüňi dolandyrmaga ynanýanlaryň tagallalaryny goldamak traýektoriýasynyň we taryhyň demokratik esasda dolandyrylýan hökümetleriň has adalatly we durnukly bolýandygyny görkezendigini aýtdy.

“Amerikanyň indiki prezidenti we men mundan beter dürli-dürli bolup bilmeris» we «biziň dürli-dürli garaýyşlarymyz bar», emma amerikan demokratiýasy islendik bir adamdan has uly» diýip, ol öz sözünde aýtdy.

Şeýle-de Obama öz adminstrasiýasynyň geçişiň kadaly bolmagyna goldaw bermek üçin ähli zady etjekdigini aýtdy.

Şeýle-de Obama «adamzat progresiniň iň gowy umydy açyk bazarlarda galýar, emma häzirki ugruň düzedilmegi gerek» diýdi.

Ol ýurtlaryň gelýän girdejileriň öz adamlarynyň arasynda has giňden bölüşilmegini üpjün etmelidigini aýtdy.

Obama özüniň Ýewropa integrasiýasyna ynanýandygyny we Ýewropa Bileleşiginiň adamzat taryhynda gazanylan uly üstünlikleriň biri bolup galýandygyny, şu günki gün dünýäniň güýçli, abadançylykly we demokratik Ýewropa hemme wagtdakysyndan beter mätäçdigini hem sözüne goşdy.

Obama 15-nji noýabrda, Gresiýa saparynyň birinji gününde ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň ýeňşiniň ykdysady durnuksyzlyga garşy reaksiýa, elita agzalaryna bolan şübhe, globallaşmanyň kemislerini azaltmak islegi bilen baglydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Trampyň ýanwarda işe başlanda, ýurduň halkara ýaranlyklaryna hormat goýjagyna ynandyrmaga çalyşdy we NATO ABŞ-nyň bähbitleri nukdaý nazardan örän wajypdygyny belledi.

Prezident Obama Gresiýadan soň Germaniýa ugraýar we ol ýerde kansler Angela Merkel bilen gepleşik geçirer.

Soňra ol, 19-njy noýabrda Waşingtona dolanmazyndan öň, Peruwa baryp, Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşar.

XS
SM
MD
LG