Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina açlyk pidalaryny ýatlaýar


 Zollektiwleşdirme bilen baglylykda 9 million adamyň ölendigi aýdylýar.
Zollektiwleşdirme bilen baglylykda 9 million adamyň ölendigi aýdylýar.

Ukraina 26-njy noýabrda sowet diktatory Iosif Stalin döwründe bolan açlygyň pidalaryny ýatlaýar. Ýurtda baýdaklar aşak goýberildi, şatlykly çäreler ýatyryldy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko, premýer-ministri Wolodimir Hroýsman, ybadathana wekilleri we daşary ýurtlaryň ilçileri pidalaryň hatyra çäresine gatnaşýar.

Bu açlyk 1932-nji we 1933-nji ýyllarda, stalinçi polisiýa daýhanlary kollektiw hojalyklara goşulmaga mejbur edip, olaryň ýyllyk gallalaryny we beýleki azyklaryny ellerinden alanda döredi.

Taryhçylar 1932-nji ýyldaky açlyga sowet resmileriniň ekerançylyk işlerine nädogry çemeleşmesiniň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Stalin zamanyndaky kollektiwleşdirme kampaniýasy bilen baglylykda 9 million adamyň ölendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG