Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Professor Şöhrat Kadyrow aradan çykdy


Şöhrat Kadyrow
Şöhrat Kadyrow

Professor, taryh ylymlarynyň doktory Şöhrat Kadyrow (1954-2016) 63 ýaşynyň içinde, Orsýetde aradan çykdy. Alym şenbe güni topraga berler.

Alymyň dosty, žurnalist Rustam Safronow feýsbukda Şöhradyň 5-nji dekabrda, tarpa-taýyn ýogalandygyny aýdyp, onuň 30 ýyl çemesi ozal, Aşgabat ýertitremesi barada ýazan kitaby bilen giňden tanalandygyny ýatlaýar.

Şöhrat Kadyrow, öz sözlerine görä, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyndan Azatlyk radiosy üçin gepleşik taýýarlandygy sebäpli kowlupdyr.

Ol Türkmenistanda dörän syýasy ýagdaýlar sebäpli 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Norwegiýa emigrasiýa gitdi we esasan ylmy iş bilen meşgullandy; Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynda doktorlyk dissertasiýasyny gorap, Norwegiýada we Orsýetde işledi.

Ol rus dilinde ýazylan “Dünýä türkmenleri: taryhy-demografik syn”, Rus-türkmen taryhy sözlügi”, Türkmenistan: postkolonial klan jemgyýetinde prezident dolandyryşy”, “Tire milleti: Türkmenistanda etniki taryh, transformasiýa, döwletliligiň perspektiwalary ” ýaly ençeme kitabyň awtorydyr.

Azatlygyň redaksiýasy merhumyň ýakynlaryna gynanç bildirip, professor Şöhrat Kadyrow bilen 2007-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen söhbetdeşlikden bir bölegi diňleýjilere hödürlemegi makul bildi.

Professor Şöhrat Kadyrow bilen söhbetdeşlik (2007)
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:16 0:00

XS
SM
MD
LG