Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýa, Orsýet Aleppoda hüjümlerini güýçlendirdiler


Zenan maşgala howa hüjümlerinden gutulmaga çalyşýar, Alepponyň al-Ansari etraby, 7-nji dekabr, 2016

7-nji dekabrda Siriýanyň we Orsýetiň liderleri gozgalaňçylaryň we Günbatar döwletleriniň ok atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlaryny ret etdiler we Aleppo şäherini eýelemek boýunça basyşyny güýçlendirdiler. Olar şäheri gaýdyp almak boýunça ýeňişiň ýurtda alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunda öwrülişikli pursat boljakdygyny aýdýarlar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad hökümetiň Aleppo şäherine tas doly gözegçilik edýändigini aýdyp, garaşsyz synçylaryň we media serişdeleriniň beren maglumatlaryny tassyklady.

Aleppo Siriýanyň iň köp ilaty şäheridi. Şäheriň gündogar bölegine gözegçilik eden gozgalaňçylar noýabryň ortalaryndan bäri öz elindäki giňişlikleriň 75-80% çemesini, şol sanda şäheriň gadymy bölegini elden berdiler.

Hökümet güýçleriniň Aleppo şäherini eýelemegi Başar al-Assayň ýurtda uzak wagtlap dowam eden gozgalaňçy hereketleriň soňuna çykmak boýunça alyp barýan göreşinde üstünlik gazanmagynyň möhüm alamaty bolup biler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG