Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HMF: Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň haýallamagy dowam eder


Halkara Maliýe Fondunyň (HMF) edara jaýy, Waşington, 2016.
Halkara Maliýe Fondunyň (HMF) edara jaýy, Waşington, 2016.

Halkara Maliýe Fondy (HMF) Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň haýallamagynyň dowam etjegini aýdýar.

Halkar Maliýe Fondunyň resmi toparynyň golaýda Türkmenistana eden saparyndan soň çap eden resmi maglumatynda, Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň daşarky faktorlar sebäpli peselendigi, şol bir wagtda-da, uglewodorod serişdelerine degişli bolmadyk içerki ösüşiň kreditler we diwersifikasiýa syýasaty bilen goldanandygy aýdylýar.

Daşky täsirler

“Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary ýaly Türkmenistan daşarky ýagdaýyň täsiri astyna düşmegini dowam etdirýär” diýip, Halkara Maliýe Fondunyň Türkmenistana sapar eden resmi toparyň ýolbaşçysy, jenap Martin Sommer belledi. Şeýle-de, Sommer “uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň pes bolmagynda galýandygyny we söwda partnýorlygynyň gowşaýandygyny” belläp geçdi.

Halkara Maliýe Fondunyň resmi topary Türkmenistana 1-6-njy dekabr aralygynda sapar etdi.

Guramanyň sapardan soň çap eden resmi maglumatynda şeýle diýilýär: “Häzirki maliýe difisitiniň 2016-njy ýylda hasam güýçlenmegine garaşylýar. Içerki önümçilik bilen importyň öwezini dolmak, eksporty artdyrmak we döwlet çykdajylarynyň möçberini azaltmak boýunça syýasy aktiwlige garamazdan, energiýa girdejileriniň azalmagy muňa sebäp bolýar”.

Ösüş ugrunda tagalla edilýär

Şeýle-de, Martin Sommer türkmen häkimiýetleriniň ykdysady kynçylyklara garşy durmak boýunça ençeme aktiw çäräni amala aşyrandygyny aýdyp, beýanatda şeýle diýýär: “Olar 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda manatyň hümmetini gowşatdylar. Maýa goýumlaryny we ýeňillikleri çäklendirdiler we ýerli önümçiligi artdyrmak üçin uglewodorod pudagyna strategik maýa goýumlaryny köpeltmek we ýerli biznese maýa ýatyrmak tagallalaryny güýçlendirdiler”.

Halkara Maliýe Fondunyň Türkmenistan barada çap eden resmi maglumatynda nebit-gazyň bahasynyň ýene dowamly peselmegine garaşylýandygy we bu ýagdaýda syýasatyň goşmaça özgerdilmeginiň talap edilýändigi bellenýär. Halkara Maliýe Fondy türkmen hökümetiniň makroykdysady statistika, pul syýasaty we maliýe operasiýalary ýaly ugurlardan reformalaryny goldamaga taýýarlyk bildirýär.

Halkara Maliýe Fondy öz resmi toparynyň Aşgabada eden saparynyň makroykdysady we maliýe ösüşe baha bermek, hökümet resmileri we diplomatik jemgyýeti bilen ykdysady kynçylyklary, şeýle-de syýasatda ileri tutulýan ugurlary maslahat etmek üçin geçirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti, bolsa, şu ýyl ýurduň ykdysadyýetiniň öz ösüşini dowam etdirendigini yglan etdi. 9-njy dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda berlen hasabatda Türkmenistanyň umumy içerki önümçiliginiň ösüş depgininiň 2016-njy ýylyň 11 aýynyň dowamynda 6.2% barabar bolandygy aýdyldy. Iň ösen pudaklaryň arasynda söwda, oba hojalygy, transport we hyzmat ugurlary görkezildi.

XS
SM
MD
LG