Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Putinden 2 milliard dollar karz sorapdyr


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşýär. 1-nji noýabr, 2016 ý. Soçi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşýär. 1-nji noýabr, 2016 ý. Soçi.

Türkmenistanyň prezidenti özüniň rus kärdeşi Wladimir Putinden 2 milliard dollar möçberinde kredit sorady diýip, rus habar serişdesi maglumat berýärler.

“Argumenty Nedeli” neşiriniň “Hatda Türkmenistan hem pul sorap başlady” ady bilen 15-nji dekabrda çap eden makalasynda nygtalmagyna görä, prezident G. Berdimuhamedow bu haýyşy 1-nji noýabrda Soçide Putin bilen duşuşan mahaly mälim edipdir. Ýatladyp geçsek, şol gepleşikler ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilipdi.

Neşir Putiniň bu möçberdäki puly “diňe Türkmenistanyň daşary-syýasat we daşary-ykdysadyýet bähbitlerinden el çekmeginiň öwezine” berip biljekdigini nygtaýar.

“Bu ýerde gep ‘Gazpromyň’ alýan türkmen gazynyň bahasy, şeýle-de Türkmenistanda rus harbylarynyň ýerleşmegi barada gidýär. Umuman, bu ylalaşyk Kremliň tutýan ýoluna, şeýle-de hut Wladimir Putiniň özüniň post-sowet giňişliginde Moskwanyň agalygyny ornaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatyna görä kesgitlener” diýip, “Argumenty Nedeli” özüniň çaklamasyny orta atýar.

Şol bir wagtda, neşir Türkmenistanyň Russiýadan 2 milliard dollar möçberinde kredit sorandygy baradaky maglumaty haýsy çeşmeden alandygyny aýdyňlaşdyrmaýar. Bu barada prezidentleriň Soçidäki duşuşygyň jemleri boýunça ýaýradylan resmi maglumatda hem hiç zat aýdylmaýar.

“Argumenty Nedeli” häzir Türkmenistanda agyr ykdysady ýagdaýlaryň dörändigi, şeýle-de ýurduň býujetinde uly boşlugyň emele gelendigi sebäpli Aşgabadyň pul haýyşy bilen Moskwa ýüz tutandygyny öňe sürýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi bolan energiýa resurslarynyň dünýädäki bahasynyň gaçmagy fonunda, ýurtda haryt gytçylygy, azyklaryň telim esse gymmatlamagy, aýlyklaryň-da ençeme aýlap saklanmagy ýaly nogsanlyklar ýüze çykyp başlady.

Soňky hökümet maslahatlarynyň dowamynda prezident Berdimuhamedowyň özi hem ýurduň dürli pudaklaryndaky işleriň netijelerine nägileligini bildirip başlady.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri Aziýa-2017 oýunlaryna gabatlap ýurduň býujetine ençeme milliard dollara durýan binalary, abadanlaşdyryş işlerini alyp barmagyny dowam edýärler. Şeýle-de, ýakynda resmi Aşgabat aglaba bölegini çöllük düzýän Türkmenistanda golf meýdançalaryny we deňizde emeli ada gurmak planlaryny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG