Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa Berlinde 12 adamy öldüren hüjümçiniň tiz ele salynjagyna ynam baglady


Germaniýanyň polisiýasy, Berlin

Germaniýanyň polisiýasy Berliniň Kristmas bazaryna ýük ulagly hüjüm edip, 12 adamyň ölümine we 50 çemesi adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümçiniň gözlegini güýçlendirdi.

Polisiýa şol ulag sürüjisiniň tiz wagtda ele salynjagyna ynam baglady, emma Germaniýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylaryny gaçgak ýaraglydan howatyr bolmaga çagyrdy. Şeýle-de polisiýa hüjüme birden köp adamyň gatnaşan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

“Belki-de, ertir ýa-da ýakyn geljekde şübhelenýän adamy görkezip biljegimize ynanýaryn” diýip, Germaniýanyň jenaýat derňewçileriniň bileleşiginiň başlygy Andre Şulz milli telewideniýede eden çykyşynda aýtdy. Ol “gowy subutnamalaryň” we “güman edilýänleriň ençemesiniň” bardygyny we 500 çemesi adamyň jenaýat barada maglumat berýändigini belledi.

Berliniň polisiýasy Kristmas bazarynda bolan hüjümiň yzýany başda 23 ýaşly pakistanly migranty tussag etdi, emma onuň hüjüme gatnaşygyny tassyklaýan subutnama tapylmansoň 20-nji dekabrda boşatdy.

20-nji dekabrda “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topar hüjüme itergi berendigini yglan etdi we hüjümçiniň Siriýada we Yrakda söweşlere gatnaşýan ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa girýän döwletlere hüjüm etmek baradaky öz çagyryşyna eýeren “Yslam döwletiniň esgeridigini” aýtdy.

Kansler Angela Merkel hüjümi amala aşyran adamyň Germaniýada başpena soraýan biri bolan ýagdaýynda munuň örän ýakymsyz boljagyny belledi. Merkel Germaniýanyň 2015-nji ýylda 890 müň migranty kabul edendigi sebäpli basyş astynda galýar.

XS
SM
MD
LG