Gazagystan Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýaşaýan gazaklar üçin wizasyz düzgüni ýatyrandygyny habar berdi.
Gazagystanyň günbatar Magystau regionynyň resmileriniň 21-nji dekabrda aýtmagyna görä, Türkmenistan serhede gözegçiligini güýçlendiripdir, emma bu çäresine hiç hili düşündiriş bermändir.
Gazagystanyň Mangystau regionynyň ýaşaýjylary adatça Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günlük wizasyz baryp bilýärler.
Türkmenistan Gazagystan bilen serhedini şu ýylyň iýul aýyndan bäri azyndan üç gezek wagtlaýyn petikledi.
Iki ýurduň arasyndaky umumy serhediň ýapylmagynyň sebäbi diňe 27-nji oktýabrda düşündirildi, Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramçylygyny belledi.
Serhediň ýapylmagy bilen bagly galan ýagdaýlar takyklaşdyrylmadyk howpsuzlyk sebäpler bilen baglanyşdyrylýar.