Aşgabadyň birnäçe ýyllap ýapyk duran uly bazarlarynyň birnäçesi ýaňy-ýakynda gaýtadan açyldy.
“Älemgoşar” we “Paýtagt” diýlip täze at dakylan öňki “Sumbar” we “Mir” bazarlary dekabryň ortalarynda işläp başlady.
Emma Aşgabadyň ýaşaýjylary öň il içinde örän meşhur söwda nokatlary bolan bu agzalan bazarlarda şu günler alyjylaryň köp göze ilmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bazarlardaky şu günki ýagdaý barada gürrüň bermegi sorap Aşgabadyň ýaşaýjysy synçy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.